logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
  05.01.2026
580
Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Aktau şäherindäki Konsullygynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berildi.

 

Dabara Ş. Ýesenow adyndaky Hazar deňzi döwlet tehnologiýalar we inžiniring uniwersitetiniň talyplary, şeýle hem türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

Çäräniň dowamynda täze neşiriň Türkmenistanyň ösüş ýolunyň esasy tapgyrlaryna düşünmekde, şeýle-de häzirki halkara şertlerinde hemişelik bitaraplyk syýasatynyň mazmunyny giňden we çuňňur açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Kitapda bitaraplyk ýyllarynda ýurdumyzyň milli däpleri innowasion ösüş bilen sazlaşykly utgaşdyryp, içki durnuklylygyny saklamak bilen dünýä bilen açyk hyzmatdaşlyga gönükdirilen, depginli ösýän döwlete öwrülendigi nygtalýar. Şeýle-de ykdysady, ulag, medeni we diplomatik ugurlarda gazanylan üstünlikleriň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesidigine aýratyn üns çekildi.

 

Çykyş edenler bu kitabyň Türkmenistanyň milli özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, şeýle-de parahatçylyk, dostluk we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýan hemişelik bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

 

Tanyşdyrylyş dabarasy tamamlanýan ýylyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalarynyň biri hökmünde bahalandyrylyp, kitapda beýan edilen bitaraplyk syýasaty baradaky garaýyşlaryň Türkmenistanyň häzirki döwri we geljegi üçin hem uly ähmiýete eýedigini tassyklandy.

 

Çäräniň jemlerinde gatnaşyjylar eserde beýan edilen pikirleri mundan beýläk-de giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Dabaranyň ahyrynda myhmanlara türkmen milli aşhanasynyň tagamlary hödür edildi.

 

Döwletgeldi BADAGLYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.