logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /AKWARIUM   DÜNÝÄSINIŇ   ŞASY
  22.05.2023
745
AKWARIUM   DÜNÝÄSINIŇ   ŞASY

Diskus balyklary (Symphysodon heсkel) - özüniň owadan, ajaýyp reňkleri we  täsin gylyklary bilen tapawutlanýar. Olar islendik akwariumda ýaşaýan balyklaryň şasy hasaplanýar. Balyk özüniň bedeniniň görnüşi sebäpli «Diskus» adyny aldy. Onuň bedeni tegelek tekiz, kompýuter CD-sine meňzeýär. Bu balygy saklamak we oňa ideg etmek ep-esli tagallany talap edýär.

Disk balygynyň doglan ýeri Günorta Amerikanyň Amazon suwlary hasaplanýar.  Diskus balygy birnäçe kiçi toparlara bölünýär. Bu görnüşler köpden bäri bellidir. «Symphysodon aequifasciatus» we «Symphysodon  diskus» iň köp öwrenilen görnüşlerdir, «Symphysodon  haraldi» ýakyn arada belli edilendir.

Bu balyklar ilkinji gezek 40-njy ýyllarda Ýewropa getirilip başlady. 90-njy ýyllardan başlap gibridleşdirme ýollary ulanylyp beýleki reňkleri peýda bolup başlandy. Olaryň arasynda iň meşhury «Marlboro diski»-dir (owadan gyzyl reňkli görnüş). Onuň tohumçylykda ähmiýeti uly hasaplanýar. Bu balyk beýleki garyndaş görnüşlerden has meşhur hasaplanýar. Ýöne has seresaply idegi talap edýär.

Akwariumyň şasy hasaplanýan diskus balyklarynyň erkegi we urkaçysy bedeniniň reňki we ululygy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Erkeginiň bedeni açyk reňkler bilen boýalyp, ululygy 15-20 santimetr, kä halatlarda bolsa 25 santimetre hem ýetýändir.

Eger-de olary köpeltmek isleýän adamlar bar bolsa olar ýalňyzlykda ýaşap bilmeýärler. Tejribeli akwaristler  olary 5-6 osobdan ybarat bolan paketlerde satyn alýarlar. Olaryň bir jübütiniň ýaşamagy üçin 250 litr uly akwarium gerek bolýar. Olar öý şertlerinde saklananda gaty seslerden, asuda ýerlerde, çagalardan uzagrak ýerlerde saklanmalydyr. Akwarium şertlerinde akwariumyň suwunyň temperaturasy 28-32 derejede bolmaly. Suwuň temperaturasynyň üýtgemegi ýiti kesellere, suw balyklarynyň çalt ölmegine getirip bilýär. Olar  öýüň hakyky bezegine öwrülip bilýän, ýöne gowşak immuniteti, kesellere meýilli gowşak häsiýetli balykdyr. 

 

Kakajan AMANMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.