logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Akyldar şahyryň adalatly döwlet gurmak baradaky öwüt-ündewleri
  21.03.2024
547
Akyldar şahyryň adalatly döwlet gurmak baradaky öwüt-ündewleri

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň özbaşdak berkarar döwlet bolmagyny, asuda parahat ýaşamagyny arzuw edipdir. Il halky hemişe parahatçylyga, agzybirlige, bir döwlet bolmaga çagyrypdyr. Biz häzirki ýaşaýan döwrümize buýsanmalydyrys, sebäbi biz şahyryň berkarar döwlet, kämil jemgyýet gurmak baradaky arzuwlarynyň hasyl bolan zamanynda ýaşaýarys. Şahyr öz döredijiligi bilen halkyň arasynda bir döwlete birikmegi we agzybirlige ündäpdir. Şol döwürlerde döredijilik halk tarapyndan giňden öwrenilipdir, söýülip okalypdyr. Akyldar Şahyr öz ruhy dünýäsinde guran türkmen binasyna guwanypdyr hem-de ony şeýle setirleriň üsti bilen beýan edipdir:

 

Gurdugym aslynda bilgil,

Bu zeminiň myhydyr,

Erer ol erkin mydam,

Budur türkmen binasy.

 

Goşgudan görnüşi ýaly onuň döredijiligindäki esasy mesele döwlet onuň halky, raýaty jemgyýet bilen baglanşykly bolupdyr.

 

 

Şahyryň goşgularynda özbaşdak türkmen döwletini – bitewi bir döwleti gurmak, ony gorap saklamak, halkyň agzybirligini gazanmakdan başgada, halkyň agaýana bagtly ýaşamak baradaky ündewleri biziň Berkarar döwletimiziň özenini düzýär, diýsek ýalňyşmasak gerek. Akyldar şeýle döwletiň bolmagyny “Islärin” atly goşgusynda şeýle beýan edýär:

 

Hor galmasyn puştdan-puşdum,

Berkarar döwlet islärin.

 

 

Magtymguly Pyragy atasy Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserindäki döwleti binýat etmek, döwleti gurmak baradaky öwüt-ündewlerini dowam etdiripdir. Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde döwleti gurmagyň esasy ýörelgelerini mälim eden bolsa, Magtymguly Pyragy kakasynyň ol pikirlerini şygra salyp, halka ýetiripdir.

 

Maksatberdi Babaýew,
Türkmen döwlet Maliýe institutynyň talyby.