logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Health /Akyldaryň goşgularynda saglyk barada
  12.04.2023
6147
Akyldaryň goşgularynda saglyk barada

Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun, 
Hassalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun. 
Düz ýeriň gadryny bilgil, derýa dolmasdan burun, 
Gämide hüşgär oturgyl, girdaba gelmesden burun, 
Ýaşlygyň gadryny bilgil, tä ulalmasdan burun.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy şa­hy­ra­na dö­re­di­ji­li­gin­de sag­dyn­ly­gy, ru­hu­be­lent­li­gi, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni il­kin­ji no­bat­da go­ýup­dyr. Şa­hyr ada­myň sag­ly­gy­nyň gym­ma­ty, öz sag­ly­gy­ňy go­rap sak­la­mak, dür­li ke­sel­le­re ge­ti­rip bil­jek zy­ýan­ly en­dik­ler­den ga­ça dur­mak ba­ra­da pi­kir ýö­re­dip­dir. Iň esa­sy bel­läp geç­me­li zat hem şol pi­kir­le­riň hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk yl­my­nyň nuk­daý­na­za­ry­na ga­bat gel­ýän­li­gi­dir.

Dana şahyrymyz adamyň on iki süňňüniň sagat we gelşikli bolmagy barada ýerlikli wesýetleri edipdir. Magtymguly atamyz ynsan saglygy iki bölümden, ýagny beden we ruhy saglykdan durýar diýip hasaplaýar. Bu barada ol ynsanyň sagdynlygy ajaýyp daşky keşbi hem gözel ruhy dünýäsi bilen sazlaşsa, ynsanperwer kalby döredýänligini hem nygtapdyr. Akyldar şahyrymyz ýüz, saç, gaş, dyrnak kimin beden agzalarynyň tämiz we tebigy bolmalydygyny tekrarlaýar. Bular barada: «Hozuň daş gabygy, gülälek suwy, // Suwun saça çalsaň gara reň bolar» diýip, ýerlikli belleýär. Zenanlara hem müşki-anbar ysy berýän tebigy gözellik serişdelerini ýerlikli ulanmagy ündäpdir. Akyldaryň käbir şygyr setirleri saça basmadyr hyna goýulmagynyň köp keselleriň öňüni almaga kömek edýändiginden, ruhy lezzet berýändiginden habarlydygyny aňladýar.

Şahyryň şygyrlarynda bedenterbiýäniň hem lukmançylygyň dürli tilsimleri şahyrana, düşnükli dilde, ylmy nukdaýnazardan kämil derejede beýan edilýär. Olar ýaşlary ynsanperwer talaplarda terbiýelemäge, sözüň doly manysynda kämil hünärmenler edip ýetişdirmäge mümkinçilik döredýär. 

 

Mähri JORAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.