logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /"Al"- Aşyrmät GARLYÝEW
  28.08.2023
803
"Al"- Aşyrmät GARLYÝEW

Duýgudan al akyly,
Duýguny manydan al,
Ahyrýetiň ýüküni,
Gelipsiň, panydan al.

 

 

Bolmaz Güne milt eden,
Çyraň nury peltede,
Bahanany ýaltadan,
Habary däliden al.

 

 

Ululygyn kiçi eden
Mährem bolar eje deý,
Derde emi keçeden,
Hormaty halydan al.

 

 

Gün täze, heňňam köne,
Kämil aslyna dönen,
Krylowam oka, ýöne,
Rumydan, Jamydan al.

 

 

Bar zat meýle höwrüger,
Nete laýyk höwri ber.
Soň imana öwrüler,
Abraýy panydan al.

 

 

Aýdaýyn diýdim
Gamsyz çagalyk döwrüňde,
Dostlaryň kän bolýar eken.
Hersi ýitýär bir öwrümde,
Joşgunyň ta:ň bolýan eken.

 

 

Ylhamy ýazyp gowzatgyn,
Gowzatmazlyk bir dowzahdyr,
Duýgy ylahy sowgatdyr,
Işlese aň bolýar eken.

 

 

Parhy nä ylham köşgünde,
Ýele sowrulsa göçgünler,
Işläbilmeseň üstünde,
Zehin bir san bolýar eken.

 

 

Daň atsa, daş däl öýlesi,
Wagt öter diýseň, diýmeseň,
Süňňüň bedeniň iýmiti,
Gyrmyzy gan bolýan eken.

 

 

Gam-gussa: berme güýjüňi,
Bagt dirilikde duý, jigi.
Süýjüleriň iň süýjüsi,
Düşünseň jan bolýan eken.