logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Al ýaşyl bürenip bahar geldi ilime
  20.03.2023
1280
Al ýaşyl bürenip bahar geldi ilime

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel diýarymyzda  bu gün ynsan kalbyna şatlyk eçilýän nurana bahar-ýaz geldi. Ýaz pasly biziň ýurdumyza özüniň üýtgeşik öwüşgini, özboluşly ýakymy bilen gelýär. Ýaz paslynda ýurdumyzda birnäçe baýramçylyklar bellenilip geçilýär. Şeýle baýramçylyklaryň biride Bahar baýramy Nowruz güni bolup durýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly Türkmen halkynyň milli bahar baýramy halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny  gadymyýetden alyp gaýdýar Halkara Nowruz güni  Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýär.

Ýakynda,  Ahal  welaýatynyň  Ak  bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde «Al ýaşyl bürenip bahar geldi ilime» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige Ahal  welaýatynyň ähli etraplaryndan  biri-birinden  owadan  bugdaý  dänelerinden  ýasalan dürli görnüşli şekiller, nepis çekilen suratlar, bugdaý maýsalary, gelin-gyzlaryň  taýýarlan semenileri emin agzalarynyň ünsüni çekdi. Bäsleşikde  gowy netijeli sungat eserine ýasanlara, ýeňiji diýip yglan edilenlere  Türkmenistanyň   Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.  

 

Aýsoltan ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgäri.