logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Älemgoşar ewkalipti - tebigatyň ajaýyp sungaty
  20.04.2022
1015
Älemgoşar ewkalipti - tebigatyň ajaýyp sungaty

Älemgoşar ewkalipti (Mindanao sakgyjy) ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan geň we örän owadan ösümlikdir. Oňa seredeniňde, gabygyň açyk reňkler bilen göýä suratkeş tarapyndan boýalan dek duýmak bolar. Emma bu tebigatyň döreden sungatydyr. Onuň gabygy ilki bilen ýaşyl reňk alýar. Ösüş döwründe reňki üýtgäp, gök, gyrmyzy, mawy bolýar. Şeýle hem gabygyň üstünde mämişi, sary zolaklar peýda bolýar. Gabygy kagyz önümçiliginde ulanylýar. Agajyndan, ýapraklaryndan mebeller ýasalýar we ösümligiň bölekleri derman öndürmek üçin hem ulanylýar. Ewkaliptiň bir aýratynlygy, dezinfeksiýa häsiýetleriniň bolmagy bilen, dürli kesellere duçar bolmazlygydyr. Şonuň üçin hem mebelleri himiki serişdeler bilen bejermek zerurlygy ýüze çykmaýar.  

Bahar GAZAKOWA, 
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy