logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Älemgoşar gömülgeni
  10.05.2023
1771
Älemgoşar gömülgeni

Köp adamlar ýylanlara duýgudaş däl,  köp adamlar olardan gaty gorkýarlar. Olar howply, zäherli, düýbünden görünmeýän we birden peýda bolýan jandardyr.
Älemgoşar gömülgeni -  ajaýyp kadadan çykma, Ol özüniň owadanlygy bilen görenleri begendirýär. Ol daşynyň owadan, öwüşgünli, älemgoşar reňki bilen tapawutlanýar
Älemgoşar gömülgeni - Ýumşak dodaklylar jynsyna degişlidir. Ol Günorta Amerikanyň ýagyşly tokaýlarynda ýaşaýan zäherli ýylandyr. Ondan başga-da Amazon we Orinoko basseýnlerinde, şeýle hem Tobago Trinidad ýaly materige ýakyn Karib adalarynda duş gelmek bolýar. Olar Köplenç suw howdanlarynyň golaýlarynda ýaşap, suwda oňat ýüzýärler. Olaryň esasy iýýän iýmiti ýylyganlylar, ýagny, guşlar we süýdemdirijiler hasaplanýar.
Älemgoşar gömülgeniniň uzynlygy 2 metre ýetýär, ýöne adatça 150-170 sm-dir, daşynyň owadan reňki goňur reňkden gyzyl reňke tarap öwüsýän, arka tarapy bolsa gara halkalar bilen gurşalan açyk tegmilleri bolýar. Garnyň golaýlarynda bolsa kiçi tegmilleri bar.
Täsin gömülgeniň göwrelilik döwri 5 aý dowam edýär. Olar ýumurtga goýmaýarlar. Şondan soň urkaçy gömülgeni ýarym metr uzynlykda 8-15 çaga dogurýar. Dogulandan soň bu ýylan çagalary 10-20 günden soň işjeň iýmitlenip başlaýar. Olar ajaýyp ýüzüjilerdir. Şonuň üçin hem derýadyr köller olaryň ýoluna päsgelçilik bolup bilmeýär. Bu ýylanlar gijelerine işjeň we gündizlerine bolsa gaçybatalgalarda bukulyp ýaşaýarlar. Olaryň ömri takmynan 20 ýyla çenlidir. Olary Amerikanyň, Argentinanyň haýwanat baglarynda görmek bolýar. 

 

Meýlis WELIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.