logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Älemiň çyragy kitap
  01.06.2023
1428
Älemiň çyragy kitap

Kitap — adamyň iň ýakyn dosty. Ol ynsanyň gözýetimini giňeldýär, düşünjesini baýlaşdyrýar. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri kitaba uly sarpa goýup gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany» diýip belleýşi ýaly, baý geçmiş taryhy, pähim-paýhasy özünde jemleýän ajaýyp kitaplar, bize ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoluny öwrenmekde, hakykata göz ýetirmekde ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.

Pähim-paýhasy özünde jemleýän ajaýyp kitaplar bu günki gün ruhy hazynamyza öwrülip, her bir ynsanyň durmuşyna gözellik nuruny çaýýar. Has dogrusy, kalbyňda ylham joşguny şineläp başlaýar. Şeýle-de kitaplarda geçmişiň beýany, şu günüň şuglasy, geljegiň ýagty daňy öz beýanyny tapýar. Dünýä akyldarlary kitap barada ajaýyp jümleleri miras galdyrypdyrlar. Hawa, kitap gözýetimiňi giňeldýär, durmuşda dogry ýoly salgy berýär. Kitap — özüňe ynam etmegiň çeşmesi. Şonuň üçin-de adamlar kitabyň gadyryny bilip, ony özlerine ýakyn dost tutunýarlar. Kitap okamak uly bagtdyr. Kitap teşneligiňi gandyrýan bilimleriň çeşmesidir.

Türkmen halky hemişe-de kitaby mukaddeslik saýypdyr. Kitaby uly edebi baýlyk bilip, ony gymmatly hazyna hasaplapdyrlar. Kitap — mekdep, kitap — tejribe, kitap — kämillik, bir söz bilen aýdanyňda, kitap — durmuş, kitap — ýaşaýyş.

Kitap okamagyň uly ähmiýeti bar. Okamak adamyň ruhy iýmitidir. Okaýan adam bilimli, ruhubelent hem-de sabyrly bolýar. Okamak – dynç almak, bilimiňi artdyrmak, zähmet çekýän ugruňy kämilleşdirmekdir. Kitap okamak saglyk, uzak ýaşamak üçinem peýdalydyr. Beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar. Tukatlygy aýyrýar. Her bir işe yhlasly çemeleşmegi ündeýär, ýaramaz endiklerden goraýar. Wagtyňy peýdaly geçirmäge kömek edýär, bikärlikden daşda saklaýar. 

 

Nury MEÝLISOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.