logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Almanyň saglyga peýdasy
  19.03.2022
3560
Almanyň saglyga peýdasy

Alma bilşimiz ýaly juda peýdaly miwedir. Alma ýönekeý sarp edilmekden başga-da birnäçe işdäaçarlary taýýarlamakda giňden ulanylýar. Gündelik alma iýmek derini gözelleşdirýär. Bir ortaça ululykdaky alma 95 kaloriýa deňdir.  Almanyň düzüminde C, K, A, E, B1, B2 we B6 witaminleri şeýle-de demir, kaliý, marganes, mis ýaly birnäçe minerallar we peýdaly maddalar bar. Olar gündelik zerurlygyň 2-4%-ini üpjün edýär.

Geçirilen gözleglere görä, alma aşa agramdaky adamlar üçin horlanmaga kömek edip bilýär. Şeýle-de bu miwe ýürek keseliniň döremeginiň öňüni alýar. Munuň sebäbi bolsa, almada ganyň holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edip bilýän ereýän süýümiň bolmagydyr. Almanyň esasy aýratynlygy onuň antioksidant täsiriniň bolmagydyr. Olaryň köpüsi gabykda jemlenendir.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, günde 2 sany ortaça ululykdaky almany iýmek süýji keseliniň öňüni almaga kömek edýär. Almanyň düzümindäki polifenollar aşgazan üçin ýaramly bolup birnäçe iýmit arkaly ýokuşyp biljek keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.

Gök we gyzyl alma: 

- Düwnük keseliniň öňüni almaga kömek edýär;
- Demgysma garşy göreşmäge kömek edýär;
- Süňkleriň has-da berk bolmagyna itergi berýär;
- Aşgazan şikeslerinden goraýar;
- Beýnini berkitmäge we goramaga kömek edýär;

 

Ogulnar BABAÝEWA,


Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.