logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /«ALO» sözüniň gelip çykyşy. Näme üçin «ALO» diýýäris?
  04.02.2023
2640
«ALO» sözüniň gelip çykyşy. Näme üçin «ALO» diýýäris?

Biz her gün telefonda birnäçe gezek «ALO» sözüni ulanýarys. Hakykatda bolsa, bu söz bir gyzyň gysgaldylan adydyr. Gyzyň doly ady «Allessandra Lolita Oswaldo»-dyr. Ol telefony oýlap tapan A.Graham Belliň söýgülisidir.

Graham Bell telefony oýlap tapandan soň ony ilki bilen söýgülisiniň öýüne çekipdir. Iş ýerinde telefon jyrlanda jaň edýäniň Allessandra Lolita Oswaldodan başga adam bolmajagyny bilýändigi üçin Graham Bell her gezek «Allessandra Lolita Oswaldo» diýýär eken. Bell eslije wagt geçenden soň söýýän gyzynyň adyny gysgaldyp jogap bermäne başlapdyr we jaň gelende «Ale Lolos» diýip başlapdyr. Soň-soňlar ol söýgülisiniň adyny has-da gysgaltmaly bolupdyr. Bu gysga at «ALO» bolupdyr.

Allessandra Lolita Oswaldo Graham Belliň bütin şähere telefony çekjek bolup özüne üns bermeýäni üçin birahat bolup başlapdyr we ony terk edipdir. Bell söýgülisiniň haçanam bolsa ýene özüne jaň eder umydy bilen telefonyň ýanyndan aýrylmandyr. Soň-soňlar şäherde telefon ulanýan müşderileriň sany köpelip başlapdyrlar. Maglumatlara görä, 1880-nji ýylda Amerikada telefon abunasynyň sany takmynan, 70 000-e ýetipdir.

Graham Belle başga adamlaram jaň edip başlapdyrlar. Ol her gezek gelýän jaňa jogap berende, söýgülisidir diýen umyt bilen «ALO» diýip alýan eken. Ine, şondan soň telefon ussalarynyň köpüsi jaň gelende Aleksandr Graham Belliň hormaty üçin «ALO» diýip başlapdyrlar. Bu gün hemmämiziň ulanýan «ALO» sözümiz şeýle taryh bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. 

 

Ogulboldy ARSLANOWA,

Darganata etrabyndaky 13-nji 
ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 
Türkmen dili we edebiýaty mugallymy.