Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Alty Garlyýew
  04.06.2020
772
Alty Garlyýew

      Türkmenistanyň halk artisti, türkmen aktýory, teatr we kino režissýory, dramaturg, jemgyýetçilik işgäri, Magtymguly adyndaky baýraga iki gezek mynasyp bolan, öz döwründe SSSR-iň kinomatografiýaçylar birleşiginiň agzasy, SSSR-iň Halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragynyň 2 gezek lauranty, Stalin adyndaky 2-nji derejeli baýragyň iki gezek eýesi, Milli kino sungatynyň kemala gelmeginde meşhur kinorežissýor Alty Garlyýewiň tapylgysyz hyzmatlary bar. (06.01.1909-11.12.1973 ý.ý.)

      Alty Garlyýew ilkinji nobatda beýik artist. Onuň teatrda döreden keşpleriniň hemmesä däl, kä biri üçinem oňa ussat diýip, doly aýdyp bolýar. Alty Garlyýewiň her bir döreden keşbi hakynda uly göwrümli kitap ýazyp bolar. Onuň döreden ajaýyp sahna keşpleri barada, olaryň diňe bir iki sanysy hakynda gürrüň etseňem, bu uly artistiň bitiren hyzmaty düşnükli bolar. Alty Garlyýew kinoda hem ençeme ajaýyp keşpleri «Sowet watançysyndaky» Kelhany, «Dursundaky» Nurysy, «Prokurordaky» Çarysy, «Jadyly dürdäki» Aldar kösesi artistiň ilki döreden keşpleridir. «Maşgalanyň namysyndan» Baýramy, «Uzakdaky gelinlik» filmdäki Kerimi, «Çopan oglundaky» Gadamy, «Aýratyn tabşyrykdaky» Mergeni, «Aýnadaky» Tahyrowy, «Aýgytly ädimdäki» Gully hany, «Derýanyň aňyrsyndaky serhetdäki» Çarysy we ş.m... tebigy zehini bilen göwnüňi awlaýan artistiň uly üstünligidir. Alty Garlyýew «Garrygyzfilm» kinostudiýasynyň «Soltanat» kinosynda gabanjaň Alynyň keşbini ussatlarça kebşirläp, tomaşaçylary hem haýran etdi.

       Režissýoryň goýan «Aýratyn tabşyryk», «Aýna», «Mukamyň syry» ýaly uly filmleri çeperçilik derejesiniň ýokarylygy bilen haýran galdyrýar. «Aýgytly ädim» filmi bolsa türkmen sungatynyň göwher gaşydyr. Ol «Aýna», «Başlyk», «Agalar hem çagalar» ýaly drama eserlerini ýazyp, milli edebiýatymyza öz goşandyny goşdy. Alty Garlyýew her gün säher bilen tebigata diň salmagy, töweregi synlamagy halaýar ekeni. Il turmanka uly işler bitiren, ýaltalary halamaýan şahsyýet ekeni. Ol gaharlanan pursadynda gygyrman gaharyny içine salyp hiňleniberer ekeni. Düşünen üçin şol «hiňlenme» uly jeza eken.

     «Alty Garlyýew beýik zehin bolany sebäpli sahydy, öz sungatyny gysganmazdy. Şol sebäpden bolsa gerek , altyny özüne halypa saýýanlar köpdi. Alty Garlyýewiň türkmen sungatyna elinden tutup getiren zehinleri bir ýa iki dal. Ussat halypa ýeke bir täze, heniz ýüzi açylmadyk artistleri tapýandyr öýtmäliň, ol ençeme ýyllap artistlikde çorba sowadan, emma bagty çüwmedik adamlarada dem berip milli sungatyň baýlygyna baýlyk goşdy»- diýip, ussat režissýor barada Sungaty öwreniş ylmynyň kandidaty, dramaturg Aşyr Mämiliýew şeýle ýazypdyr. Onuň belleýşi ýaly, Alty Garlyýew öz töweregine Bazar Amanow, Nazar Bekliýew, Gylyç Berdiýew, Sary garryýew, Durdy Saparow, Sabyr Ataýewa ýaly ussatlardan başga-da Baba Annanow, Artyk Jallyýew, Abdylla Ýakubow, Akmyrat Bäşimow ýaly zehinleri toplady. Olaryň her biri ägirt uly işleri bitirdiler, Alty aganyň ynamyny ödediler. Şunça zehiniň üstüni açmak olaryň başarnygyny äşgär etmek, bir adama başartjak iş däl ýaly emma Alty Garlyýew şol işi başardy. Şonuň üçin biz oňa uly halypa, uly şahsyýet hökmünde garaýarys.

      Artist, režissýor, dramaturg Alty Garlyýew öz wagtynda jemgyýetçilik işlerinde hem hyzmatyny gaýgyrmady. Türkmeniň teatr, kinosungatynyň ösmegi üçin hyzmat baryny etdi. Türkmen tomaşaçysy öz ussadyna guwanmaga, onuň sarpasyny belent tutmaga haklydyr.