logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /«Altyn ýumurtga» - bezeg ösümligi
  30.05.2023
759
«Altyn ýumurtga» - bezeg ösümligi

Bu bezeg ösümligi daşky görnüşi boýunça ýumurtgany ýada salýan dekoratiw ösümlikdir. 

Bezeg baklajany - (Solanum melongena) 1 ýyllyk bezeg ösümlik bolup, özüniň uly ýapraklary, owadan gülleri, goňrumtyl gyzyl, sarymtyl zolakly miweleri bilen tapawutlanýar. Onuň gelip çykan watany Birma we Hindistan çäkleridir.  «Altyn ýumurtga» ösümligi  ilki başlarda ol ýerlerde ýabany görnüşde ösýär. Soňra onuň medenileşdirilen görnüşleri kem-kemden ýaýrap başlaýar. Ilkinji  gezek bu ösümlik  1700-nji ýylda Britan alymy Tomas Jefferson tarapynda ösdürilip ýetişdirildi.

Bezeg baklajanynyň boýy 40 santimetre ýetýär. Gowy ideg edilen ýerlerde bolsa boýy 1 metre çenli ýetýär. Tehniki taýdan bişen miweleri ak süýri, ýumurtga görnüşini ýada salýar. Miweleri ilki başlarda ownuk ak, soňra bolsa kem-kemden  sary reňke geçýär. 

Ösdürilip ýetişdirilişi: Ony ösdürip ýetişdirmek üçin topragy toýun we toýunsow bolmaly we ösdürilip ýetişdirilýän ýerleri güneşli, penjireli, ýagty düşüp durýan ýer bolmaly. Tohumlar fewral-mart aýlarynda biri- birinden 2,5 sm daşlykda  nahal gutularynda ýa-da küýzelerde ekilýär. Soňra 1 santimetr  galyňlykda ownuk mes toprak bilen örtülýär we gowy basylýar.  Şitiller  ekmäge taýyn bolanda aýazyň we yssy howpunyň  ýok wagtlary, takmynan howanyň  20 gradus derejesinde wagty olary hatarlara ýerleşdirmeli. Onda hatarlaryň aralary 60 santimetr, ösümlik aralary  bolsa 30-40 sm aralykda ekilmeli. Bezeg baklajanynyň topragyny çygly saklamaly, her 2-4 hepdeden dökünläp durmaly. Ekişden soň tiz-tizden suwarym işlerini geçirmeli we dökünläp durmaly. Aşa basdyryp suwarmak hem bolmaýar, sebäbi baklajanda wilt, çüýreme keselleriniň döremegine getirýär. Ekiş geçirilenden 6-8 aýdan soň gülläp başlaýar.

Bezeg baklajany ajaýyp tagam häsiýetine eýedir. Ondan dürli hili işdäaçarlar, tagamlar  taýýarlanýar, işdäaçarlar taýýarlananda baklajan gowrulan, gaýnadylan we çig görnüşlerde peýdalanylýar. 

 

Gülruh BEKIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 
3-nji ýyl talyby.