logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Alymlar: «1 milliarddan gowrak adam eşidişden mahrum bolup biler!»
  22.11.2022
1076
Alymlar: «1 milliarddan gowrak adam eşidişden mahrum bolup biler!»

Ylmy gözleglerden alnan netijä görä, 1 milliard adam eşidiş ukybyny ýitirmek howpy astyndadyr.

«BMJ Global Health»-de neşir edilen gözlegde alymlar aýdym diňlemek üçin dakynylýan gulaklyklary (nauşnik) ulanmagyň ýaşlarda eşidiş ukybynyň peselmegine sebäp bolýandygyny aýdýarlar we geljekde köp adamyň eşidişini ýitirjekdigini mälim edýärler.

Alymlar gulaklyklaryň (nauşnik) ses derejesini has ýokary derejede goýup diňlemegiň ir ýaşda eşidiş ukybynyň peselmegine sebäp bolup biljekdigini belläp, 12-34 ýaş aralygyndaky adamlaryň gulaklyklary (nauşnikleri) saglyga zyýanly görnüşde ulanýandyklaryny ýüze çykardylar.

Günorta Karolina uniwersitetiniň alymlary, juda gaty sesiň duýgur gulakdaky öýjüklere zeper ýetirýändigini we gulagyň işleýşine howp salýandygyny belleýärler. Eger-de, gaty sesiň täsiri dowam etse, gulaga hemişelik zeper ýetýär.