logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Alymlar dünýädäki iň gadymy tokaýy tapandyklaryny mälim edýärler
  17.03.2024
576
Alymlar dünýädäki iň gadymy tokaýy tapandyklaryny mälim edýärler

Alymlaryň pikiriçe, Angliýanyň günorta-günbatar kenaryndaky gaýalarda dünýäde iň gadymy galyndy tokaýyny tapandyklaryna ynanýarlar. Gazylyp alnan tokaý, Somesette sebitinde ýerleşýän Mineheaddäki çäge daşyndan ybarat belentlikdäki gaýalardan tapyldy. Kembrij we Kardiff uniwersitetleriniň gözlegçileri öz oýlap tapyşlarynyň Angliýadaky şeýle-de dünýäde tanalýan iň gadymy agaçlardygyny aýdýarlar. 

 

"Calamopitones" diýlip atlandyrylýan agaçlar palma agaçlaryna meňzeýär. Häzirki agaçlaryň "prototipi" hökmünde kesgitlenýän bu agaçlaryň iň ulusy 2 metrden 4 metre çenli uzynlykda.

 

Gözlegçiler ösümlikleriň kök we baldak galyndylaryny tapdylar. Galyndylar agaçlaryň daşky gurşawy nähili emele getirendigini, ýüzlerçe million ýyl ozal derýalaryň kenarlaryny nädip deňleşdirendigini görkezýär.

 

Tebigat taryhy muzeýinde ösümlik galyndylary boýunça hünärmen hökmünde doktor Pol Kendrik şol döwürde agaçlaryň bilelikde ösmegi baradaky maslahatlaryň möhümdigini aýtdy. Gözlegçiler, täze tapylan tokaýyň ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatyndan gazylyp alynan tokaýdan 4 million ýaş uludygyny aýdýarlar. 

 

Galyndy tokaýlygy, Devon we Somesett kenarlaryndaky çägelikden we daşly  gaýalardan tapyldy. Alymlar tokaýyň 419-358 million ýyl mundan ozalky durmuşa ýagny Devon döwrüne degişlidigini çaklaýarlar.

 

Nurgeldi HANJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.