logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / In the world /Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler
  11.10.2026
28
Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler

Amsterdam uniwersitetiniň we Stenford uniwersitetiniň fiziklerinden ybarat ylmy topar dünýäde şu wagta çenli döredilen iň ýuka tekiz linzany işläp taýýarlady. Galyňlygy bary-ýogy 0,0000006 millimetre deň bolan bu enjam takmynan üç atom gatlagynyň galyňlygyna barabardyr. Oýlap tapyş giňeldilen hakykat äýneklerini we ykjam optiki enjamlary has ýeňil hem-de amatly görnüşde döretmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

 

Adaty linzalar ýagtylygy döwüp, ony belli bir nokada jemleýän bolsa, täze enjam difraksiýa hadysasynyň esasynda işleýär. Alymlar linzany wolfram disulfidi atly materialdan ýasap, onuň ýüzünde mikroskopik konsentrik halkalary we olaryň arasynda boşluklary döretdiler. Materialyň kwant häsiýetleri ýagtylygy netijeli siňdirmäge we gaýtadan şöhlelendirmäge mümkinçilik berýär. Netijede, ýagtylygyň bir bölegi anyk fokus nokadyna jemlenýär.

 

Täze linzanyň esasy artykmaçlygy ýagtylyk akymynyň uly böleginiň enjamdan üýtgemezden geçmegidir. Bu aýratynlyk ulanyjynyň daş-töweregini aýdyň görmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, görüş meýdanynda grafiki şekilleri we sanly maglumatlary görkezmäge mümkinçilik döredýär.

 

Barlagyň netijeleri Nano Letters ylmy žurnalynda çap edildi. Alymlaryň bellemegine görä, bu tehnologiýa geljekde akylly äýnekleri we geýilýän elektron enjamlary öndürmekde peýdalanylyp bilner. Şeýle enjamlarda optiki aýdyňlygy saklamak bilen birlikde, olaryň ölçeglerini we agramyny mümkin boldugyça azaltmak möhüm talaplaryň biri bolup durýar.

 

Döwlet ATDAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.