logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / In the world /Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy
  10.10.2026
23
Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy çylşyrymly iş meselelerini ýerine ýetirmek, programma üpjünçiligini döretmek we maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin niýetlenen Gemini 4 Argon atly täze emeli aň modelini tanyşdyrdy.

 

Täze model programma kodlaryny ýazmak, işewürlik amallaryny awtomatlaşdyrmak, maliýe we hukuk resminamalaryny işlemek boýunça geçirilen synaglarda ýokary netijeleri görkezdi. Şeýle hem onuň wideolary tanamak we uly göwrümli maglumatlary seljermek mümkinçilikleri kämilleşdirildi.

 

Işläp düzüjileriň bellemegine görä, Gemini 4 Argon köp wagt we zähmet talap edýän sanly işleri ýerine ýetirip, hünärmenleriň iş ýüküni azaltmaga hem-de wagtyny tygşytlamaga ýardam edip biler. Muňa garamazdan, bilermenler modeliň hakyky mümkinçiliklerine doly baha bermek üçin onuň iş ýüzündäki netijeleriniň öwrenilmelidigini nygtaýarlar.

 

Ilkibaşda täze emeli aň modeli çäkli sanly synagçylar üçin elýeterli bolar. Soňra bolsa ony korporatiw müşderilere we Google AI Ultra hyzmatynyň abonentlerine hödürlemek meýilleşdirilýär.

 

Gurbanguly ÝEDIBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.