logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Society /Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar
  10.10.2026
25
Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar

Türkiýede ahalteke atlaryny köpeltmek, tohum aýratynlyklaryny gorap saklamak we olaryň sport mümkinçiliklerinden atçylyk sportunyň dürli ugurlarynda peýdalanmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Türkiýäniň Anadolu Ajansı​ habarlar agentligi habar berýär.

 

Agentligiň maglumatlaryna görä, Ankarada​ ahalteke bedewlerini köpeltmek we türgenleşdirmek bilen meşgullanýan Ahal Teke Atlı​ Spor Kulübü​ atly klub hereket edýär. Onuň esaslandyryjysy Şahap Gýursoý​ ahalteke atlarynyň çydamlylygyny aýratyn belläp, olary halkara ýaryşlaryna, şol sanda uzak aralyga çydamlylyk boýunça geçirilýän bäsleşiklere has giňden çekmegiň mümkinçilikleriniň bardygyny aýdýar.

 

Klubda ahalteke bedewleriniň konkur we atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerindäki ukyplaryna hem üns berilýär. Şahap Gýursoýyň​ bellemegine görä, Türkmenistandan Türkiýä getirilen Gök atly bedew munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Ol päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşlara gatnaşýar we çapyksuwar bilen sazlaşykly hereket etmegi bilen tapawutlanýar.

 

Türkiýäniň türgenleri hem ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny, çapyksuwaryň hereketlerine duýgurlygyny we dürli sport ugurlaryna uýgunlaşmak ukybyny ýokary bahalandyrýarlar. Konkur, baş öwretme we atly ýörişler boýunça çykyş eden milli ýygyndynyň türgeni Onur​ Taşpynar​ bu tohumyň Türkmenistandan gelip çykýandygyny belläp, onuň çydamlylygy we eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýandygyny nygtaýar.

 

Ankarada​ ahalteke bedewlerini gorap saklamak we köpeltmek bilen meşgullanýan hojalykda atlar konkur, çydamlylyk ýaryşlary, atly ýaý atyş we daglyk hem-de tekiz bolmadyk ýerlerde at çapmak ýaly ugurlara taýýarlanylýar.

 

Feruza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.