logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Health /Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi
  12.10.2026
28
Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi

Ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellendi. Bu hünär baýramy mynasybetli birnäçe çäreler guralyp, onuň dowamynda adam saglygyny goramakda saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň  ornunyň uludygy nygtaldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi bu hünär baýramyna aýratyn ýaraşyk berdi.

 

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap saglyk ugurly merkezler, hassahanalar, şypahanalar, dermanlary öndürýän kärhanalar gurulýar, saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär, innowasion çemeleşmeler we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen  üpjün edilýär. Galyberse-de, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigini bellemek gerek.

 

Täze kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynda ýurduň we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler baradaky bu ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna ýetirildi. Bu möhüm ähmiýetli kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary öz içine alýar.

 

Nurjemal HANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.