logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Technology /Alymlar iýip bolýan drony döretdiler
  15.03.2023
1053
Alymlar iýip bolýan drony döretdiler

Ýaponiýanyň elektrokommunikasiýalar uniwersitetiniň hem-de Şweýsariýanyň federal politehniki mekdebiniň alymlary bilelikde iýip bolýan drony döretdiler. Bu täze açyş adamlary halas etmäge kömek eder.

Dürli hili ýüze çykýan ýagdaýlarda barmasy kyn bolan sebitlerde ýa-da daglyk etraplarda halas edijiler gelýänçä, köp wagt gerek bolup biler. Bu meseläni çözmek üçin ýapon hem şweýsar inženerleri iýip bolýan drony döretmek kararyna geldiler. Bu prototip enjamy eýýäm taýyn. Täze dron tüwüden ýasalan ganatlar bilen, ýagny krekerler bilen enjamlaşdyrylan. Ganatlaryň gerimi 700 mm deňdir.

«Biziň maksadymyz robot iýmiti döretmek» – diýip belleýän inženerleriň bu täze enjamynyň uzynlygy 70 santimetr töweregidir. Tüwüden ýasalan krekerler jelatiniň kömegi bilen biri-birine baglanýar we takmynan 300 kilokaloriýany öz içine alýar. Şeýle hem, enjam takmynan 80 ml suw alyp bilýär. Enjamyň massasynyň ýarysyny diýen ýaly iýip bolýar. Alymlar bu görkezijini 75% çenli ýetirmek isleýärler. Bu adaty pilotsyz uçarlardan doly tapawutlanýar. Enjam sekuntda takmynan 10 metre çenli aralygy geçmäge ukyplydyr. Ol eýýäm synagdan hem geçirildi we synag wagtynda krekerleri hem döwülmedi. Gözlegçiler manipulýatory jelatin bilen çalyşmagy teklip edýärler. Şeýlelikde bu täze dron iki esse köp iýmit bilen üpjün edip biler. Mundan başga-da alymlar şuňa meňzeş robotlaryň önümçiligini hem ýola goýmak isleýärler.  

 

Begli KALANDAROW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.