Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Alymlar: Kömelekler we bakteriýalar planetany arassalamaga kömek edip biler
  15.05.2023
530
Alymlar: Kömelekler we bakteriýalar planetany arassalamaga kömek edip biler

Şweýsariýaly alymlar fermentleri dürli plastmassa siňdirip bilýän mikroorganizmleri tapdylar. Poliuretan we umumy polimer garyndylaryny ýok etmek üçin takmynan iki ştammyň täsiri öwrenildi. Öň ulanylan bakteriýalardan tapawutlylykda, täzeleri işlemek üçin köp energiýa talap etmeýär, plastmassany bu usulda gaýtadan işlemek has ygtybarly we arzan bolup biler. Bu gözleg «Frontiers in Microbiology» žurnalynda çap edildi. Planetanyň plastmassa bilen hapalanmagyna garşy göreşmek üçin häzirki wagtda bioinženerçilik gözlegleri, täzeçe usullary işjeň ulanylýar. Alymlar tebigatda köp mukdarda polimerleri gaýtadan işläp bilýän mikroorganizmleri gözleýärler we olary ösdürýärler. Şeýle ferment häsiýetli birnäçe bakteriýalar eýýäm senagat derejesinde ulanylýar. Emma bu usulyň çynlakaý çäklendirmeleri bar: mikroblar diňe 30 ° C-den ýokary temperaturada öz işini ýerine ýetirýärler. Diýmek, yzygiderli gyzdyrmak zerur we bu ýagdaý gaty gymmat bolup biler.  Bu meseläniň çözgüdi hem, pes temperaturada plastmassany siňdirip bilýän mikroorganizmler bolup biler. Şweýsariýaly alymlar öz ýurtlarynyň Alp daglyk ýerlerinde we polýar sebitlerinde işleri alyp bardylar. Topar Şweýsariýada, şeýle hem Grenlandiýada dag we arktika topraklarynda zyňlan ýa-da gömlen plastik galyndylardan tapylan 19 sany bakteriýa we 15 sany kömelek saýlady. Laboratoriýada alymlar ştammlary molekulýar usullar bilen kesgitlediler we garaňkylykda 15°C derejesinde her ştammy izolýasiýa etdiler. Ulaldylan mikroorganizmlere dürli plastmassalaryň steril nusgalaryny synap görmek teklip edildi: çüýremeýän adaty polietilenden başlap, biodegrirlenip bilinýän poliester-poliuretan (PUR) plastmassalaryna we polibutilen adipat tereftalat (PBAT) we polilaktiki kislotanyň (PLA) garyndylaryna çenli. Synaglar, ştammlaryň hiç birinde-de 120 günden gowrak saklananda-da polietileniň siňdirilmändigini görkezdi. Şeýle-de bolsa, bakteriýalar we kömelekler beýleki ähli nusgalar bilen: 19 ştamm 15 ° C-de dargadylan poliuretan, şol bir temperaturada 14 kömelek we üç bakteriýa PBAT we PLA plastmassa garyndylaryny siňdirip bildi. Şweýsariýanyň Tokaý, gar we landşaft gözleg institutynyň mikrobiology Joel Ryti: «Kömelekleriň Neodewriýa we Laçnellula görnüşleri iň gowy netijäni görkezdi, ýagny polietilenden başga ähli synag edilen plastmassalary siňdirip bildiler».

Bakteriýalaryň we kömelekleriň şeýle ukyplaryny barlamak diňe 15°C derejede geçirildi. Munuň özi geljekki synaglaryň has pes ýokary temperaturalarda hereket edip biljekdigini görkezýär. Bu görnüşleriň köpüsi 4-den 20 ° C aralygynda tebigatda gowy ösýär.

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.