logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Technology /Alymlar maglumat saklamak krizisiniň boljakdygyny mälim edýärler!
  23.12.2022
1055
Alymlar maglumat saklamak krizisiniň boljakdygyny mälim edýärler!

Alymlar 2025-nji ýylda maglumatlaryň 300 göterim ýokarlanjakdygyny we bu mukdardaky maglumatlar üçin ýeterlik ýeriň ýokdugyny mälim edýärler we häzirki wagtdan maglumatlary saklamak boýunça işleri tizleşdirdiler.

Aston uniwersitetiniň alymlary häzirki wagtda dünýädäki elektrik energiýasynyň 1,5 göterimini ulanýan maglumatlary saklamagyň üstünde işläp başladylar. Gözlegçiler maglumatlary saklamak krizisini serwer zerurlygy bolmazdan çözmäge synanyşýarlar.

Bu meseläni ýeňip geçmek üçin ýörite düzülen topar - adam saçynyň ininden takmynan 10 müň esse kiçi we 5 nanometrden az bolan kanallar bilen üpjün edilen täze tehnologiýany döredýärler. Taslama ýolbaşçylary, maglumat saklaýyş tehnologiýalaryny ösdürmezden täze maglumat merkezlerini gurmagyň amaly çözgüt däldigini nygtaýarlar. Maglumatlary saklamak krizisi diýilýän howp barha artýar we häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryny ýerine ýetirmek üçin öňdebaryjy çözgütleri örän zerur bolup durýar.

«International Data Corporation»-yň hasabatyna görä, sanly saklaýyş kuwwatynyň ölçegi bolan zettabaýtyň (ZB) 2019-njy ýylda bary-ýogy 45 ZB bolandygyny, ýöne 2025-nji ýyla çenli 175 ZB-e çenli ýokarlanjakdygyny mälim edýär. Bir zettabaýt hem bir trillion gigabaýta deňdir.

Häzire çenli saklanylan maglumatlar DVD-lere ýazylan bolsady onda bu diskleri üst-üstüne goýup 23 gezek Aýa baryp we 222 gezek Ýeriň daşyndan aýlanyp bolardy. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.