logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Alymlar ördege meňzeş dinozawr görnüşini tapdylar
  07.12.2022
1390
Alymlar ördege meňzeş dinozawr görnüşini tapdylar

Alymlar, takmynan 71 million ýyl ozal häzirki pingwinler ýaly aw etmek üçin suwuň aşagyna çümüp bilýän ördege meňzeş dinozawr görnüşini tapdylar.

«Communications Biology» ylmy žurnalynda neşir edilen tapyndylarda, iki aýakly ýyrtyjy dinozawr guşuň bedeni suratlandyrylýar. 

Mundan öňki geçirilen gözlegler we barlaglar, gazlaryň we pingwinleriň suwuň aşagynda aw etmek üçin nähili usullardan peýdalanýandygyny ýüze çykardy we resmileşdirdi.

Beýleki tarapdan, Günorta Koreýanyň Seul milli uniwersitetiniň gözlegçileri, entek beýle uçýan dinozawrlaryň hasaba alynmandygyny belleýärler. 

Alymlar täze gözlegi Mongoliýanyň Umnugobi şäherinde geçirdiler. Geçirilen gözlegde guşa meňzeş dinozawr görnüşiniň kellesi, oňurgasy, aýaklary we beden gurluşy seljerildi.

Gözlegçiler täze görnüşe «Natovenator polydontus» diýip at berdiler. 

 

Atageldi SARYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.