logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Alymlar tagam bilýän robot ýasamagy başardylar
  18.05.2022
1673
Alymlar tagam bilýän robot ýasamagy başardylar

Soňky ýyllarda emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi bilen köp dürli maksatlar üçin ulanyp boljak robotlar peýda bolup başlady. Kembrij uniwersitetiniň inženerleri tagamy dadyp anyklap bilýän roboty ýasadylar. 

Gözleg topary, Kembrij laboratoriýasynda täze ýasalan roboty synagdan geçirenlerinde robota dürli görnüşli tagamlary datdyrdylar. Robot berilýän tagamyň süýjüligini ýa-da duzlulygyny anyklamagy başardy. Munuň üçin robotyň önümçiliginde emeli aň we tagam biliş datçigi oturdyldy. 

Mundan başga-da, robot tagamlar taýýarlanylanda ajy burçuň nähili derejede goşmalydygyny anyklap bilýär. Hünärmenler bu robotyň kömegi bilen geljekde adamlaryň lezzet aljak iýmitini öndürip biljekdigini we naharlaryň aýratyn tagamlara laýyk bolup biljekdigini aýdýar. Gözlegçiler, robotyň gowy ýa-da erbet tagamlary öwrenip has gowy nahar taýýarlamaga kömek etjekdigini çaklaýarlar.

Kembrij uniwersitetiniň inženerleri, geljekde roboty has kämilleşdirip, ussat aşpezler ýaly nahar taýýarlamagy we olaryň has tagamly bolmagyny gazanmak isleýärler.

Aýnabat RAHMANÝAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.