logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Alymlar: «Uklan wagtymyz ýatlamalarymyza syýahat edýäris!»
  27.10.2022
1162
Alymlar: «Uklan wagtymyz ýatlamalarymyza syýahat edýäris!»

Northwestern uniwersitetiniň neýro-ylmy işgärleri we Çikago uniwersitetiniň epilepsiýa merkeziniň kliniki işgärleri merkezdäki bäş näsagyň beýnisindäki elektrik işjeňligini öwrendiler. Alymlar bu derňewi adamlaryň öwrenen zatlaryny ýatdan çykarman, nädip ýatda saklaýandyklaryny bilmek üçin geçirdiler.

Derňewe gatnaşanlara geçen günleri baradaky wideoýazgylary we suratlary kompýuter we akylly telefonlar arkaly ýatmazdan ozal görkezildi. Soňra derňewe gatnaşýanlaryň uky prosesi yzygiderli barlanyldy. Netijede, derňewe gatnaşanlaryň köpüsi ukyda wagty ýatmazdan ozal görkezilen wideoýazgylaryň  sesine meňzeş ses çykardylar. Sesler elektrofiziologiki taýdan ýazga alyndy.

Ukudan soň, derňewe gatnaşanlara ýazgy edilen sesler diňledildi. Olar bu sesleri gowy tanadylar. Alymlar netijede ýatlamalaryň gaýtadan işjeňleşmegini we güýçlenmegini görkezýändigine göz ýetirdiler.

Başgaça aýdylanda, gözlegiň netijesini alymlar şeýle düşündirdiler: 
«Beýni uky wagtynda eşidilýän seslere gabat gelýän sesleri gaýtadan işledi. Bu işjeňleşdirmäniň kömegi bilen adamlar ýatlamak amalyny edip bilerler, sebäbi uky wagtynda ýat täzelenýär! Ýagny adam ukuda wagty ýatlamalaryna syýahat edýär.»

 

Ibragim IKRAMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby.