logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /ALYMLAR ÜSTÜNLIGE ÝETMEGIŇ ÝEDI USULYNY AÝTDYLAR
  14.06.2022
1471
ALYMLAR ÜSTÜNLIGE ÝETMEGIŇ ÝEDI USULYNY AÝTDYLAR

Şowlulyk we üstünlik adamlary hemişelik hem gyzyklandyryp geldi. Näme üçin hemme adamlaryň deňligine seretmezden, bir adam ilkinji gezek ýaryşa gatnaşýar we ýeňiji bolýar, beýlekilerde bolsa üstünlik ony görmezden geçýän ýaly bolýar diýip “Lukman Piter” belleýär. Psiholog  Elizaweta Felonenkonyň pikiriçe, şowluluk hadysasy adamlaryň duýgusynyň we özüni alyp barşynyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly. Bagtlylar dünýäni bagtsyzlardan başgaça kabul edýärler. Elizaweta Felonenko üstünlige we şowlylyga ýetmegiň 7 usulyny atlandyrdy:

     Durmuşyň her bir pursadyna begenmäge bolan mümkinçilikleriňizi artdyryň. Ünsüňizi gowy zatlara gönükdirip, durmuşa bolan kanagatlandyrma duýgularyňyzy türgenleşdiriň.

     Durmuşyň duýdansyz tekliplerini köplenç ýerine ýetiriň. Hem-de özüňiziň planlaryňyzy ýagdaýlara görä üýtgetmekden gorkmaň.

     Öz ýalňyşlaryňyzy kabul etmegi başaryň. Ýeňmek üçin, ýeňilmegi hem başarmalydyr.

     Bilesigelijilik duýgularyňyzy ösdüriň. Özüňiziň barýan ýerleriňiz hakynda: okuw jaýy ýa-da dynç alyş öýi bolsun, köpräk öwrenmäge synanşyň.

     Durmuş işjeňligiňizi artdyryň. Bilşiňiz ýaly, ýatan daşyň aşagyndan suw akmaýar –işjeňlik şowlulygyňyzy ep-esli artdyrýar.

    Gaty konserwatiw bolmajak boluň. Hemme zatdan gaça durmak we eýýam size tanyş bolan zatlara  ýapyşmak, mümkinçilikleriňiziň derejesini peseldýär.

    Hem-de hiç haçan ne özüňize we daş töweregiňizdäkilere men üstünliksiz we şowsuz diýip aýtmaň –bu sözler hem uly many aňladýar.

Babamyrat Nurjykow

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby