logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Amerikanyň «Goldman Sachs» banky 4 müňden gowrak işgärini işden çykarar!
  17.12.2022
970
Amerikanyň «Goldman Sachs» banky 4 müňden gowrak işgärini işden çykarar!

ABŞ-nyň iň iri banklaryndan biri bolan «Goldman Sachs» öňde goýan girdejili maksatlaryna ýetmek üçin 4 müňden gowrak işgärini işden çykarmaga taýynlanýar. Bu geljek ýylyň başynda işçi güýjüniň 8 göterime çenli azalmagyna sebäp bolup biljekdigini aňladýar.

Goldman Sachs - ABŞ-nyň köpmilletli maýa goýum banky bolup 1869-njy ýylda döredildi. Müşderilere maýa goýum, maliýe maslahaty, maliýe dolandyryşy ýaly maliýe hyzmatlaryny edýär. Bankyň merkezi edarasy Nýu-Ýorkda ýerleşýär. Häzirki wagtda bankda 49 müňe golaý adam işleýär. Goldman Sachs - girdeji taýdan dünýädäki iň uly banklaryň biridir. Ol ABŞ-da umumy girdejisi boýunça 57-nji ýerde durýar.