logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler
  08.03.2024
565
Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler

“Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.

 

Bellenişi ýaly, ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikdäki tagallalary esasynda 25-26-njy aprelde guralar.

 

Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy maslahatyň esasy maksady dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, olary halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybaratdyr. 

 

Maslahata Türkmenistandan, şeýle hem daşary ýurtlardan taryhçylaryň, arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň, ýaş alymlaryň, ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Aýgözel MYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.