Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ananasyň peýdaly aýratynlyklary hakda kelam agyz...
  25.02.2023
912
Ananasyň peýdaly aýratynlyklary hakda kelam agyz...

Ananas tropiki miweleriň biri bolup, ol azyklyk maksady bilen ulanylýan iň bir ýörgünli miweleriň hatarynda durýar. Ananas Günorta Amerikadan gelip çykan köp ýyllyk ösümlikdir. Ananas ýokumly maddalaryň ajaýyp çeşmesidir. Ol öz düzüminde 85% suw we 15% ýönekeý şeker bolan fruktoza saklaýar. Şeýle hem düzüminde witaminler bar, beta-karotin, B1, B2, B6, PP; kalsiý, magniý, sink, ýod elementleri, organiki kislotalar bolan askorbin we limon kislotalary, şeýle hem organiki süýüm saklanýar. Adatça, tropiki miweler belogyň aminokislotalara bölünmegine kömek edýän we şeýlelik bilen belok iýmitleriniň siňmegine ýardam edýän, iýmit siňdirişi gowulandyrýan proteolitiki ferment bolan bromelaine baýdyr. Ananasyň bişen miweleriniň reňki sary reňkde bolýar. Ol adam bedenine oňyn täsir edýär. Düzümindäki witaminler we mikroelementleriň täsiri bilen metabolizmi dikeldýär, organiki kislotalaryň kömegi bilen çişmä garşy we immunostimulýasiýa täsiri bar, bromelain iýmit siňdirişini gowulandyrýar we ondaky süýüm içegäniň hereketini kadalaşdyrýar.

Şeýle-de ananas horlanmaga hem kömek edýär. Täze miweleriň mukdary az kaloriýaly bolup, 100 gramynda 50 kkal bar. Şeýle-de bolsa, ananasyň köp ulanylmagynyň zyýanly taraplary hem bar: 

• ol ýokary turşulykly miwe bolup, gyjyndyrma ýaramaz täsir edýär;
• allergiki täsirleri bar;
• ananasyň düzüm bölegi bolan kalsiý, magniý we demir myşsa hereketini has ýokarlandyrýar;
• süýji keseline ýol açyp biler, ondaky şeker ganyň glýukoza derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär.
 

Muňa garamazdan, ananas iýmit siňdiriş serişdesi hökmünde köp ulanylýar. Gündelik nahardan öň bir bölek ananas iýmeklik ýa-da bir stakan ananas suwuny içmeklik aşgazanda emele gelýän agyrlyk duýgusynyň öňüni alýar we belok iýmitleriniň has çalt siňdirilmegine kömek edýär. Şeýle hem ananas baýramçylyk saçaklarynyň özboluşly bezegi hökmünde hem köpler tarapyndan arzylanýar. 

 

Aýşat ALLABERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.