logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /ANANASYŇ PEÝDASY
  27.03.2022
1583
ANANASYŇ PEÝDASY

Ananasyň watany Braziliýanyň we Paraguwaýyň araçägindäki Matsu-Grosu atly gurak ýerli gurşaw hasaplanylýar. Ananas dürli tropiki ýurtlarda köpçülikleýin ekilýär. Dünýäde ananas ekilýän ýerleriň umumy meýdany 100 000 gektara golaý bolup, ol banandan we sitrusdan soň öňdäki orny eýeleýär.

Ananasy öndürmek boýunça öňdäki orunda Gawaý we Azor adalary durýan bolsalar-da, ol Filippin, Awstraliýa, Meksika, Braziliýa, Gana we Gwineýa ýaly ýurtlarda hem ýetişdirilýär. Hindistan döwletinde hem ananas ekilýän meýdanlar ýylsaýyn giňelýär. Biziň ýurdumyzda ananasy ýyladyşhanalarda ýetişdirmek bolýar.

Ananas bromeliýer (bromeliaceae) maşgalasyna degişli bolup, ol köpýyllyk ösümlikdir. Bu maşgala 40-a golaý ugry we 850 görnüşi öz içine alýar. Ananas beýleki bromelýar maşgalasyna degişli uruglardan miwesi hem-de miwesiniň gurluşy bilen tapawutlanýar. Medeni ananas ýabany şekilde tebigatda duşmaýar. Ananasyň medeni görnüşi birnäçe şekilleriň özara çaknyşmagyndan gelip çykypdyr diýlip çaklanylýar. Gapdal köklerinden çykýan ýapraklarynyň bogun aralygyndan uzynlygy 30 – 60 santimetre deň bolan gülli baldaklar ösüp çykýar. Gül toplumy sümmül şekilli. Depesi gülüň aşagyndaky ýapraklaryň toplumy bilen gutarýar. Tohumlanan gül toplumlary daşky alamaty boýunça sosna hozjagazlarynyň altyn sary şekilli, uly hozjagazyny ýatladýar.

Ylmy maglumatlaryna görä, ananas miwesine aýratyn  ys berýän madda, ýag kislotasynyň  metilli efiri hasaplanýar. Miwäniň eti köp mukdarda A prowitamini, B witaminler toplumyny hem-de az mukdarda C witaminini saklaýar. Ananas ter we gaýtalan işlenen görnüşinde (esasan, öz şiresinde) ulanylýar. Gaýtadan işlemek üçin doly bişen miwesi alynýar.

Selbi ALLABERGENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.