logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /Anemiýa - bedenimiziň duýdansyz duçar bolýan meselelerinden biri
  08.02.2025
956
Anemiýa - bedenimiziň duýdansyz duçar bolýan meselelerinden biri

Anemiýa – ganazlyk diýlip hem atlandyrylýan keseldir. Ol gandaky gemoglobiniň peselmegi ýa-da eritrositleriň sanynyň azalmagy sebäpli ýüze çykýar. Bu ýagdaý bedene kislorodyň ýeterlik ýetmezligine sebäp bolup, adamda tiz ýadawlyk, baş aýlanma, demgysma, ýürek urmasynyň çaltlanmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

 

Anemiýanyň sebäpleri:

 

Anemiýanyň dürli görnüşleri bar we her biriniň öz sebäbi bolýar. Iň köp duş gelýän görnüşi demir ýetmezçilikli anemiýa bolup, ol bedende demiriň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýar. Bu ýagdaý köplenç dogry iýmitlenmezlik, aşa gan ýitirmek ýa-da bedeniň demiri siňdiriş ukybynyň peselmegi bilen baglanyşykly bolýar.

 

Şeýle hem B12 witamini we fol turşusy ýetmezçiligi anemiýa sebäp bolup biler. Bu witaminleriň ýetmezçiligi eritrositleriň kadaly emele gelmegini kynlaşdyrýar. Mundan başga-da, hemolitiki anemiýa eritrositleriň çalt dargamagy netijesinde, aplastiki anemiýa bolsa süýek ýiliginiň täze gan öýjüklerini ýeterlik öndürmezligi sebäpli ýüze çykýar.

 

Anemiýanyň bejergisi onuň görnüşine baglydyr. Eger sebäp demir ýetmezçiligi bolsa, demire baý iýmitler (et, hoz, käşir, kömelek) kabul edilmeli ýa-da lukmanyň belleýän dermanlary ulanmaly. B12 ýetmezçilikli anemiýa üçin bolsa, et we süýt önümlerini iýmek zerurdyr.

 

Anemiýanyň öňüni almak üçin dogry iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zerur witaminleri we mineral maddalary kadaly kabul etmek möhümdir. Eger sizde ýadawlyk, baş aýlanma ýaly alamatlar bar bolsa, ony äsgermezlik etmän, hökman lukmana ýüz tutmaly!

 

Anemiýa diňe bir saglyk meselesi däl, eýsem, gündelik durmuşymyza-da uly täsir ýetirýän ýagdaýdyr. Şonuň üçin bu kesel bilen göreşmek üçin dogry iýmitlenmeli, sagdyn durmuş ýörelgesini saklamaly we saglygymyza üns bermelidiris.


Ogulgeldi Annaýewa
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.