logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /“Änew medeniýeti”- milli medeniýet
  13.01.2021
2392
“Änew medeniýeti”- milli medeniýet

        Halk arasynda Seýit Jemaleddiniň metjidi ady bilen belli bolan bu ýadygärlikler toplumy Änew şäheriniň Gündogar tarapynda ýerleşip, arheologik maglumatlara görä, Günorta Türkmenistanyň neolit zamanasyna degişli bolan ýadygärlik hökmünde, “Änew medeniýeti” ady bilen taryhy girdi.

        Ýadygärlikler toplumynda dört sany desga bolup, olar: - metjit, onuň öňündäki gabyrüsti we beýik gümmezli zaly bolan iki sany jaý bolup durýar. Bu desgalar metjidiň, guburhananyň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir.

        Metjidiň taryhyny öwrenmäge arheolog W.A.Žukowskiý tarapyndan 1886-njy ýylda başlanypdyr we 1904-nji ýylda R.Pompelliniň amerikan ekspedisiýasy tarapyndan gazuw agtaryş işleri geçirlipdir. 1947-nji ýylda M.Ý.Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta Türkmenistan arheologik kompleksleýin ekspedisiýasy ýadygärlik toplumyny çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek işini geçirlipdir we şonuň netijesinde Seýit Jemaleddiniň metjidi hem-de “Änew medeniýeti” ady ençeme makalalar peýda bolupdyr.

       Metjidiň girelgesinde Horasanyň hökümdary Soltan Abul Kasym Babyryň (1446-1457ý.) ady getirlen ýazgylary ýerleşdirilipdir we beýleki ýazgylarda “Gözellik öýüni” “Muhammet” atly biriniň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wa-diniň ýadygärligi üçin öz serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär.

             Bu ýadygärlikler toplumy türkmen topragynda baý medeniýetiň bolandygyna şaýatlyk edýär. Taryhymyzy öwrenmek, gorap saklamak we ony has-da baýlaşdyrmak biziň her birimiziň borjumyzdyr.