logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Änew – müňýyllyklardan galan taryhy ýadygärlik
  30.03.2024
923
Änew – müňýyllyklardan galan taryhy ýadygärlik

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby parasatly Prezidentimiziň geçmişe bolan sarpasydyr, taryhymyza buýsanjydyr. Gahryman Prezidentimiz bu kitabyny ýazmakda mähriban Akadagymyzyň taryh, geçmiş hakyndaky gürrüňlerinden ugur alandygyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu asylly işinde peder ýolunyň dowamatyna buýsanýarsyň. Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby tüýs türkmençilige mahsus barlyk, baýlyk bolup durýar.

 

Änew – müňýyllyklardan galan taryhy ýadygärlik, ynsanyýetiň gadymy ojagy. Bu sebitde müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşaýyş gaýnap joşup, siwilizasiýa ösüpdir. Gadymy adamlar ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik we hojalygyň birnäçe ugurlary boýunça zähmet çekipdirler. Ilkinji gezek ak bugdaý ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu amerikan alymy R.Pampelliniň 1904-nji ýylda Änew sebitinde geçiren arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde subut edildi. 

 

Bu gün şäheriň şan-şöhraty gaýtadan dikeldildi. Änew "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda" bütin türki dünýäniň medeni paýtagty boldy. Gadymy geçmişimize ser salanymyzda onuň taryhy ýadygärlikleriniň geçmişimizi şöhlelendirýändigini görmek bolýar. 

 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

 

Mäneguly ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.