Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
  30.03.2024
615
Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Änew şäheri Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup, arheologik maglumatlar bu şäheriň eneolit döwründe – biziň eramyzdan öňki IV-III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär.

 

Günorta Türkmenistanyň gadymy ekerançylyk taýpalarynyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek üçin Änew obasynyň ýakynyndaky iki depäniň (Demirgazyk we Günorta tarapyndaky depeler) gazylyp agtarylmagy-da uly ähmiýete eýedir. 1904-nji ýylda R. Pampelliniň ýolbaşçylygynda amerikan ekspedisiýasy tarapyndan Änewde arheolog alymlar gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir. Alymlar kerpijiň galyndylaryndan hem dänäniň gabyklaryny we gylçyklaryny tapypdyrlar. Änewden ak başly, sümmülli we däneli bugdaý tapylyp, oňa «Ak bugdaý» diýlip at berlipdir. Munuň özi gadymy ata-babalarymyzyň bu ýerde däne ekinlerini ösdürip ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Türkmenistan ak bugdaýyň watany hasaplanylýar. Bu ýerden başga-da nagyşlar, suratlar bilen bezelen küýzeler, gap-gaçlar, kämil ekerançylyk zähmet gurallary tapylypdyr. Tapylan bugdaýyň bu görnüşi häzir gadymy Änew tapyndylary we bina ýadygärlikleri bilen bir hatarda türkmeniň baý gymmatlyklarynyň bardygyny subut edýär.

 

Änew medeniýetine degişli obalaryň galyndylary häzirki Çäçe obasyndan başlap, Aşgabat-Baharly ýolunyň 73 km aralygynda duş gelýär. Bu obalaryň Änew medeniýetine degişli edilmegi hem esasan şol ýerlerden bugdaý däneleriniň gabyklarynyň tapylmagy bilen baglydyr.  Häzirki döwrümize gaýdyp gelsek, yurdumyzda gadymy ýadygarliklere uly sarpa goýulýar. Muny dürli mysallarda görmek bolýar. 2005-nji ýylda Gadymy medeniýetleriň serelerini özünde jemleýän Änewde “Ak bugdaý” milli muzeýi döredildi.

 

Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Bu şanly wakalaryň sebäpkäri bolan hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan dörän “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny merdana halkyna sowgat bermegi bolsa aýratyn buýsandyryjy wakadyr.

 

Laçyn MÄTJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.