logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginde maslahat geçirildi
  24.02.2023
710
Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginde maslahat geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň meýilnamasy esasynda geçirilen maslahata agzalan müdirligiň işgärleri gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler.

Işjeňlikde geçen maslahatyň dowamynda halkymyzyň röwşen geljegi ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna päk ýürekden çykýan alkyşly sözler aýdyldy.