logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Änew şäherindäki «Çynar» toý mekanynda söz-söhbetli dabara geçirildi
  28.12.2022
895
Änew şäherindäki «Çynar» toý mekanynda söz-söhbetli dabara geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki «Çynar» toý mekanynda Täze ýyl baýramçlygyna bagyşlanan söz-söhbetli dabara geçirildi. Dabarany Ak bugdaý etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady.

Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ildeşlerimiziň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan dabarada Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, durmuşymyzda bolup geçýän ajaýyp özgertmeler, tamamlanyp barýan ýylda dürli ugurlarda ýetilen sepgitler baradaky gürrüňleri diňlemek diýseň ýakymly boldy.

Toý saçagynyň başyna ýygnananlar etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň ýaşlaryň baýramçylyk çykyşlaryny egsilmez ruhubelentlik bilen diňlediler. Ýaňlanan şirin owazly, belent mukamly aýdym-sazlar milli öwüşginli tanslar bilen özara sazlaşygy döredip, dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyny goşalandyrdy.