logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Änew şäherindäki Medeniýet öýünde baýramçylyk dabarasy geçirildi
  08.08.2022
718
Änew şäherindäki Medeniýet öýünde baýramçylyk dabarasy geçirildi

Ýakynda, ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Änew şäherindäki Medeniýet öýünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilip, oňa Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri gatnaşdy.

Baýramçylyk dabarasynda gutlag çykyşlarynyň birnäçesi diňlendi. Dabaranyň dowamynda, welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirildi.

Dabaranyň ahyrynda gurluşyk we senagat toplumynyň öňdebaryjy işgärleriniň uly toparyna baýramçylyk sowgatlary gowşurylyp, olara asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi.