logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Änew şäherindäki Medeniýet öýünde dabaraly çäre geçirildi
  10.08.2022
871
Änew şäherindäki Medeniýet öýünde dabaraly çäre geçirildi

Ýakynda, Änew şäherindäki Medeniýet öýünde, welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän işeňňir zenanlar hem-de mährem eneler gatnaşdy.

Dabarany welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy A.Toporowa açdy. Tanyşdyrylyş dabarasynda, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty B.Myradowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri M.Gurdowa, Gökdepe etrabyndan mährem ene O.Rejebowa dagynyň eden çykyşlary diýseň täsirli boldy.