Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza maslahatynda raýat jemgyýeti forumy ýokary derejeli çykyşlar bilen açyldy ✦ ✦ Awaza 2025 maslahatynyň çäginde Ýaşlar forumy öz işine başlady ✦ ✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Änew şäherindäki Medeniýet öýünde maslahat geçirildi
  15.02.2023
465
Änew şäherindäki Medeniýet öýünde maslahat geçirildi

Golaýda, Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimliginiň guramagynda maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we öňde duran wezipeleri kesgitlemek maksady bilen bolan maslahata welaýat, etrap häkimleri, olaryň orunbasarlary, welaýat guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň, welaýat, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri hem-de beýleki dahylly adamlar gatnaşdy.

Maslahaty welaýat häkimi Ýazmuhammet Gurbanow açyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geçen, 2022-nji ýylynda welaýatymyzda milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, medeni-durmuş ulgamda alnyp barlan işlere ünsi çekdi. Welaýat häkiminiň belleýşi ýaly, geçen ýylda welaýatymyzda dürli ugurlarda uly sepgitlere ýetildi, döwlet we milli maksatnamalaryň çäginde guwandyryjy işler amala aşyryldy. Gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber goldaw-hemaýatlary durandyr. Munuň üçin Ahal welaýatynyň ilatynyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.

Maslahatda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlendi. Welaýat häkiminiň orunbasarlary Hojamyrat Aşyrmyradow, Akgül Toporowa hasabat çykyşlarynda özleriniň gözegçilik edýän ulgamlarynda geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň üstünde durup geçdiler.

Maslahatda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde gurulýan täze, döwrebap obalaryň, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athananyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly wezipeleriň üstünde hem durlup geçildi.

Etrap häkimleriniň çykyşlarynda 2023-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda ýerlerde milli maksatnamalar we degişli Kararlar esasynda ýerine ýetirilen işler, 2023-nji ýylyň hasyly üçin däne ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri, gowaçanyň we gök-bakja ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Welaýat häkimi Ýazmuhammet Gurbanow hasabatlary jemläp, üstümizdäki ýylda öňde duran möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de olar boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.