logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Änew şäherinde baýramçylyk mynasybetli dabaralar geçirildi
  19.05.2023
807
Änew şäherinde baýramçylyk mynasybetli dabaralar geçirildi

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem uly joşguna beslendi. Welaýat derejesindäki esasy dabaralara Änew şäherinde ir-säherden badalga berildi.

Ahal welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasyndaky dabara baýramçylyk çäreleriniň başyny başlady. Bu ýerde welaýat we etrap häkimlikleriniň, welaýat guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň we köpsanly ýaşlaryň gatnaşmagynda goşa sene mynasybetli Döwlet baýdagymyzyň al-asmana galdyryş dabarasy boldy.

Watan goragçylary dabaraly nyzam bilen Döwlet baýdagymyzy toý meýdançasyndaky ýörite bellenilen ýere alyp gelenlerinden soňra Döwlet senasy ýaňlandy. Dabara gatnaşmaga ýygnananlaryň Döwlet senasyny egsilmez ruhubelentlikde ýerine ýetirmekleri astynda ýaşyl Tugumyz baýdak sütüni arkaly al-asmana göterildi.

Dabaranyň başynda welaýat häkimi Ýazmuhammet Gurbanow dabara gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny ajaýyp sene mynasybetli gutlady. Ahal welaýat medeniýet-sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary toý meýdançasyny alaýaza besledi.