logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Änew şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi
  01.06.2023
891
Änew şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi

1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Änew şäherindäki «Buýsanç» çagalar medeni-dynç alyş merkezinde welaýat derejesinde aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabara Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa Ahal welaýatynyň ähli künjeginden bagtyýar çagalar gatnaşdy.

Dabarada welaýat kitaphanasy tarapyndan göçme baýramçylyk kitap sergisi hem gurnaldy. Dabaranyň dowamynda Ahal welaýatynyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ol ýere ýygnanan çagalaryň ählisine doňdurmalar we datly tagamlar hödür-kerem edildi.