logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Änew şäherinde “Gadymy Änewiň medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler
  24.02.2024
830
Änew şäherinde “Gadymy Änewiň medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler

27-nji martda Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ girýän döwletleriň arasynda “Gadymy Änewiň medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler.

 

 

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän bu çärä Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe, Özbegistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalaryndan hem-de öz ýurdumyzdan we başgada birnäçe ýurtlardan belli taryhy öwrenijiler,arheologlar, Gündogary öwrenijiler, professorlar, ýaş alymlaryň we muzeý işgärleriniň gelmegine garaşylýar. Olar “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew şäherinde guraljak dabaralara we çärelere hem gatnaşarlar.

 

 

Änew şäheri öz taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Dünýäde ekerançylyk pudagynyň gadymy ojaklarynyň biri hökmünde tanalýan bu şäherde geçiriljek çäreler, ylmy-barlag işleri türkmen halkynyň şöhratly taryhyny has hem dünýä ýaýmaga mümkinçilik berer. Türkmen alymlarynyň we daşary ýurtdan geljek alymlaryň bilelikde alyp barjak işleriniň ýokary derejede geçirilmegi üçin degişli işler alynyp barylýar.

 

Aýsenem Rahymowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika Institutynyň talyby.