logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Änew şäherinde «Gujurly Bilim Merkeziniň» täze şahamçasy açylar!
  30.05.2023
2715
Änew şäherinde «Gujurly Bilim Merkeziniň» täze şahamçasy açylar!

1-nji iýun, Halkara çagalary goramagyň güni mynasybetli açyljak bu okuw merkezi, öz diňleýjilerine: daşary ýurt dillerini, kompýuter sowatlylygyny we matematika hem-de fizika, biologiýa, himiýa derslerini öwretmek boýunça gysga möhletli okuw kurslaryny hödürleýär.

«Gujurly Bilim Merkeziniň» täze nokady – Änew şäherinde açylar. Açylyş dabarasy mynasybetli türkmen estrada ýyldyzlarynyň aýdymdyr-sazlary we sirk artistleriniň  çykyşlaryny öz içine alýan köp ugurly sergiler bilen baýramçylyk konserti geçiriler.

Körpeje çagajyklara we dabaranyň myhmanlaryna, dürli bäsleşikli oýunlar gurnalyp, olary begendirmek maksady bilen doňdurma sowgatlary garaşýar.

Dabara 1-nji iýunda agşam sagat 18:00-da Änew şäheriniň Azatlyk köçesiniň ugrunda ýerleşen dynç alyş seýilgähinde geçiriler.