logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Änew şäherinde täze metjidiň gurluşygyna badalga berildi
  24.06.2022
1220
Änew şäherinde täze metjidiň gurluşygyna badalga berildi

Şu gün Änew şäherinde täze metjidiň we onuň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýyň gurluşygyna badalga berildi. Çärä, il sylagly ýaşulular, din wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de gurluşykçy hünärmenler gatnaşdylar.

Täze guruljak metjit we onuň ýanyndaky sadaka berilýän jaý 6 gektar meýdanda bina ediler we 500 adama namaz okamak üçin mümkinçilik berer. Şeýle hem, metjidiň ýanaşyk ýerinde awtoduralga gurlar.