logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Änew şäheriniň Medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi
  21.05.2022
975
Änew şäheriniň Medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi

Ýakynda, Änew şäheriniň Medeniýet öýünde “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Çäre  welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Çäräniň dowamynda, täsirli çyşyşlar diňlendi. Çykyş edenler merjen paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň “Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny” atly dialogynyň ýokary guramaçylyk derejesinde, üstünlikli geçendigini hem-de dünýäde uly seslenme deredendigini buýsanç bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek işinde zenanlaryň mümkinçilikleriniň has doly açylmagynda zenanlaryň dialogynyň ähmiýeti örän uly boldy.

Täsirli geçen çärä kitaphana hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri we talyp ýaşlar gatnaşdy.