logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Änew şäheriniň Mukaddeslik meýdançasynda «Soňky jaň» dabarasy geçirildi
  26.05.2023
972
Änew şäheriniň Mukaddeslik meýdançasynda «Soňky jaň» dabarasy geçirildi

Düýn ýagny 25-nji maýda mekdep uçurymlarynyň gatnaşmagynda Änew şäheriniň Mukaddeslik meýdançasynda «Soňky jaň» dabarasy geçirildi. Bu dabara egsilmejek şatlyga beslendi. Toý meýdançasyndaky dabara welaýatymyzyň ähli etraplaryndan uçurym ýaşlar gatnaşdy.

Dabarada ak mekdepler bilen hoşlaşýan uçurym ýaşlara gutlaglar we oňat arzuwlar aýdyldy şeýle-de medeni-köpçülik işlerinde tapawutlanan mekdep uçurymlary sylaglandy. Ýaşlaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Şatlykly günde Ahal welaýatynyň jemgyýetçilik guramalary hem uçurym ýaşlara öz sowgatlaryny gowşurdylar.

Sylaglanyş dabarasyndan soňra Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary bilen ýaşlara ruhy lezzet paýladylar.