logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Änewde “21-nji asyrda çaga terbiýesi” atly ene-atalar forum geçirildi.
  05.08.2023
718
Änewde “21-nji asyrda çaga terbiýesi” atly ene-atalar forum geçirildi.

“Gujurly” bilim merkeziniň Änew şahamçasynda geçirilen maslahatlaryň çäginde “21-nji asyrda çaga terbiýesi” atly ene-ata forum hem geçirildi.

Bu forumda ene-atalar ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde tejribeli halypa mugallymlar bilen pikir alyşdylar we özüni gyzyklandyrýan sowallar boýunça sorag-jogap alyşdylar. Forumda Sylap Ataýew, Kakajan Agajykow, Merdan Şadurdyýew, Merdan Amanýazow ýaly tejribeli mugallymlar, halypalar çykyş edip, ene-atalar bilen erkin görnüşde pikir alyşdylar.

Maslahatyň dowamynda geçirilen forum Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de “Gujurly bilim merkeziniň” ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda geçirildi.