logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Angliýada işsizlik barha ýokarlanýar
  14.12.2022
642
Angliýada işsizlik barha ýokarlanýar

Milli statistika gullugy (ONS) tarapyndan berlen beýanatda Angliýada işsizligiň şu ýylyň oktýabr aýynda 3,7 göterime çenli ýokarlanandygy hasaba alyndy. Beýanatda ýurtda noýabr aýynda ökde hünärli işçi güýjüniň ýetmezçiligi 65 müňe çenli azalandygy mälim edilýär.

Şeýle-de bolsa «ONS» - şu ýylyň oktýabr aýynda girdejileriň 6,1 göterim ýokarlanandygyny mälim edýär.

Angliýanyň maliýe ministri işsizligiň köpelmegine epidemiýanyň we dünýädäki ýaramaz hadysalaryň sebäp bolandygyny belläp geçýär. Şeýle hem ministrlik geljek ýyl işsizligiň azalmagyny gazanmak üçin Iňlis ykdysadyýetini täzeden ýola goýmak üçin meýilnamanyň  bardygyny aýdýar.

Belläp geçsek, şu ýylyň noýabr aýynda ýurtda energiýanyň şeýle-de azyk önümleriniň bahasy ep-esli ýokarlandy we 41 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi.