logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Angliýada täze şanyň şekili bolan banknotlar çykyp başlady
  20.12.2022
895
Angliýada täze şanyň şekili bolan banknotlar çykyp başlady

Angliýanyň Merkezi Banky, könelen kagyz we teňňe pullary çalyşmak we ulanyşa Angliýanyň täze şasy Çarlzyň şekili bolan täze banknotlary girizjekdigini mälim etdi. Bankyň resmi web sahypasyndan ulanyşa goýberiljek täze banknotlaryň dizaýnlaryny halka paýlaşdy.

5, 10, 20 we 50 funtlyk täze banknotlaryň ýüzünde şazadasy Çarlzyň keşbi we onuň möhüri şekillendirilen. Täze banknotlaryň ulanyşa girizilmegi bilen häzirki ulanyşda bolan şa zenany Ýelizawetanyň şekili bar bolan banknotlar ulanyşdan galar.

Ýurduň ähli ýerinde täze banknotlar 2024-nji ýylyň ortalaryndan başlap doly dolanyşykda bolar we güýje girer.

Şa zenany Ýelizawetanyň şekili bar bolan banknotlar 1960-njy ýyldan bäri Angliýanyň Merkezi Banky tarapyndan dolanyşykdady.

Belläp geçsek, häzirki wagtda bahasy 80 milliard ýewrolyk Angliýanyň Merkezi Bankynyň takmynan 4,5 milliard töweregi milli puly dolanşykda. 

 

Kuwwat TUWAKBAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.