logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Angliýadaky syrly daşlar: Stonehenge
  05.04.2023
1346
Angliýadaky syrly daşlar: Stonehenge

Angliýanyň medeni nyşany bolan bu daş gurluşlar, gurluşyk nukdaýnazaryndan örän täsin bolup, daşlar entek kesgitlenmedik nokatlara garap durlar.

Stonehenge daş ýadygärliginiň syry ýyllar boýy çözülmän galdy we arheologiki gözlegler henizem dowam edýär. Alymlaryň käbiri bu daş gurluşlary gadymy halklar tarapyndan dini sebäplere görä gurlandyr diýip çaklasa käbiri asman gözlegleri bilen baglanyşygy bardyr diýlip çaklanylýar. Arheologlar tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesinde daş ýadygärliginiň aşagynda mazarlar ýüze çykaryldy.

Stonehenge daş ýadygärligi – Angliýanyň Wiltshire şäherindäki Salisbury düzlügi diýilýän ýerde ýerleşýär. Bu ýer sebitdäki iň köne we iň uly gurluşdyr. Bu taryhy daş gurluşlaryň takmynan 4 metr beýikligi, 2 metr ini we 25 tonna agramy bar. Ýadygärligiň töwereginde beýleki dini gurluşlar hem bar.

Stonehenge syrly daşlary arheologlar miladydan öňki 3000-2000-nji ýyllar aralygynda gurlandyr diýip çaklaýarlar. Geçirilen radiokarbon barlaglary daşlaryň miladydan öňki 2100-2400-nji ýyllar aralygynda gurlandygyny mälim edýär. Angliýa üçin uly ähmiýete eýe bolan bu eser medeni nyşan hasaplanýar. 

 

Aýlar ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.